TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapdaky gümrük nokatlary eksport bazaryna göwnejaý hyzmat edýär

Lebap welaýat gümrükhanasynyň garamagynda 11 gümrük nokadynyň dördüsi ― «Kerki»,
«Farap demirýollary», «Akdere» we «Türkmenabat» gümrük nokatlary ýurtdan eksport edilýän harytlary gümrük taýdan resmileşdirmäge ygtyýar berlen nokatlardyr.
Habarda bellenilişine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran Karary bilen tassyklanylan, ýurduň çäklerinden daşary alnyp gidilende, gümrük paçlary tölenilmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän harytlaryň sanawyna laýyklykda hususy telekeçilere we şahsy taraplara azyk önümleriniň 12 görnüşini ýurduň çäginden alyp gitmäge rugsat berilýär.
Bu sanawda alkogolly we alkogolsyz içgiler, mineral suwlar, gök we bakja önümleri, ir-iýmişler, makaron önümleri, ary baly, nahar duzy, pomidor goýaltmasy, doňdurma we düzüminde kakao bolan ýa-da bolmadyk iýmitlik buzgaýmagyň beýleki görnüşleri, mineral bejeriş suwlary, gaplanylan gök we miwe önümleri, süýji-köke önümleri, balyk konserwleri hem-de pagta ýagy bar.
Eksport ugurly harytlaryň beýleki görnüşlerini daşary ýurt bazaryna çykarmak babatynda hem hususy taraplara degişli düşündirişler berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: