YKDYSADYÝET

Lebapdaky gowaça ekişinde ýene-de takyk ekijilerden peýdalanylar

Şu ýyl Lebap welaýatynda ekiş möwsüminde «Monosem» takyk gowaça ekijileriň 64-si, şeýle-de «SÇH 4B» dört hatar gowaça ekijileriň 336-sy ulanylar.
Olardan başga hem ekiş möwsüminiň dowamynda dişli ýumşadyjylaryň 7035-sini, «KHU 4B» dört hatar kultiwatorlaryň 915-sini, «Ortman 8375» alty hatar kultiwatorlaryň 66-syny, «Ortman 8375» sekiz hatar kultiwatorlaryň 33-sini ulanmaklyk göz öňünde tutuldy.
Tehnikalaryň agramly böleginiň elektron ulgamy arkaly dolandyrylýandygy guwandyryjydyr.
Ekişden soň köp wagt geçmänkä bejergide ulanylýan ABŞ-nyň «Ortman-8375» kysymly tehnikasy bir wagtyň özünde hem dökün berýär, hem topragy ýumşadýar. Welaýat obahyzmat önümçilik birleşiginiň baş inženeri Atamyrat Rozyýewiň aýtmagyna görä, bu tehnikalar, şeýle-de gowaça ekişini geçirmek işi tejribeli mehanizatorlara ynanyldy.
Möhüm möwsüme badalga berildi. Ekişi ýokary hilli geçirmek üçin ähli çäreler durmuşa geçirilýär.