Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň agzybir işgärleri dürli ösümlikleri we köpsanly janly-jandarlary gorap saklamak, köpeltmek we ylmy taýdan öwrenmek bilen meşgullanýarlar.
Bu ýeriň gündelik işleri ýyl üçin işlenilip düzülen meýilnama laýyklykda ýaýbaňlandyrylýar. Goraghananyň çägindäki ösümlikleri we haýwanlary berk gorag astyna almagy ylmy işleri geçirilýär. Şular bilen birlikde tokaý agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek we olary meýdanlarda oturtmak işlerine goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow hem öz goşandygyny goşýar.
Möhüm işleriň üstünliklere beslenmegi ugrunda goraghananyň Nargyz meýdançasynyň başlygy Allakuly Rozyýew, ylmy işgär Umytjan Huseýinow dagy hem yhlaslylyk görkezýärler. Olar häzirki günlerde gyş möwsümine taýýarlyk işlerini alyp barýarlar.
Lebapdaky goraghanada işler giňden ýaýbaňlandyrylýar

08
Nov