MEDENIÝET

Lebapdaky çagalar kitaphanasy çagalaryň höwesini artdyryş çärelerini geçirýär

Welaýat çagalar kitaphanasynyň göçme kitap sergileri çagalarda kitaba bolan gyzyklanmany artdyrýar. Bu çäreler täze okyjylaryň sanynyň köpelmegine hem öz oňyn täsirini ýetirýär.
Kitaphananyň kitap gorunyň üsti yzygiderli täze neşirler bilen ýetirilýär.
Ýakynda bolsa çagalar edebiýatynyň XX asyrdaky görnükli wekilleriniň meşhur eserleriniň gaýtadan neşir edilmegi bilen kitaphananyň fondy has-da baýlaşdy we bu eserler häzirki wagtda okyjylara elýeterlidir.