Türkmenabat şäherindäki «Goşa çyrag» toý dabaralary merkezinde türkmen halkynyň milli mirasyny, senetçilik sungatyny ösdürmek, ussat zergärleriň ukyp- başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Zergärçilik sungatym — miras daragtym» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşige etrapdyr şäherlerden ussat zergärler gatnaşdylar. Olar bäsleşigiň «Zerim bar — zergärim bar, bagtyýar zamanam bar», «Syrly sungat», «Altyn-kümüş gudraty — zergärleriň sungaty» ýaly şertleri boýunça bäsleşip, özleriniň bu ajaýyp sungata bolan höweslerini, döredijilik ussatlyklaryny görkezdiler.
Şeýle-de bäsdeşler ýurdumyzda milli mirasymyza goýulýan belent sarpany, ony dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işleri hem-de şaý-seplerini goşgudyr gazallaryň üsti bilen çeper wasp etdiler.
Şunlukda Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Maksat Rozyýewiň maşgalasy birinji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşige gatnaşanlara guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Lebapda zergärleriň bäsleşigi geçirildi

10
May