Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda eli çeper zenanlaryň arasynda «Hünärim bar ― hormatym bar» atly bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlary geçirildi.
Bäsleşikde tikinçi zenanlar uz barmaklaryň hünärini, tiken milli lybaslaryny çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, gazallardyr rowaýatlaryň üsti bilen wasp edip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige gatnaşyjy zenanlaryň ussatlygyna, çalasynlygyna, ýokary baha berildi.
Netijede, üstünlikli çykyş eden zenanlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşyjylara guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Lebapda zenanlaryň hünär bäsleşigine badalga berildi
26
Jan
