JEMGYÝET

Lebapda zenanlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň wekilleri tarapyndan Lebap welaýatynyň etrap-şäherlerinde zenanlaryň arasynda «Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary» atly okuw maslahatlary we wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Bu çäreler Türkmenabat şäheriniň hem-de welaýat etraplarynyň edara-kärhanalarynda guralýar.
Duşuşyklarda milli el hünärini ösdürmek, gadymy däp-dessurlary dowam etdirmek, halypa-şägirtlik ýoluny goldamak, ýaşlarda milli senede bolan gyzyklanmalary artdyrmak meselelerine üns berilýär. Şeýle hem çäreleriň dowamynda ýaş nesli edeplilik we belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti barada gürrüň edilýär.