Lebapda zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak boýunça işler güýçlendirilýär
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak bölüminiň zähmetiň tehniki gözegçileri etrapdyr şäherlerde ýygy-ýygydan iş saparlarynda bolup, dürli edaralarda zähmetkeşleriň hukuklary we borçlary barada gysga möhletli okuwlary guraýarlar. Ýakynda şeýle okuwlary Hojambaz we Kerki etraplarynda geçirdik.
Ýörite toparyň agzalary bilen, esasan, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna barlyp görüldi. Bu ýerde tehnikalary we oba hojalyk gurallaryny ýaz ekişine taýýarlaýan hünärmenler bilen duşuşyklar geçirildi. Şunda şol kärhanalaryň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan zähmeti goramak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri seljerildi. Okuwlaryň dowamynda zähmetkeşler özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen hem ýüzlendiler. Olara kanagatlanarly jogaplar berildi.
Häzirki günlerde bolsa şeýle duşuşyklardyr okuwlar welaýatymyzyň beýleki etraplarynda hem alnyp barylýar.