BIZE YAZYARLAR

Lebapda zähmetiň miwesi: oba hojalykçylaryň üstünlikli ýyly

Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary ýene bir zähmet ýylyny üstünlikli jemläp, döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertleriň netijelidigini anyk iş görkezijileri bilen subut etdiler. Ekerançylykda we maldarçylykda alnyp barylan meýilnamaly işler, döwrebap agrotehniki çäreleriň yzygiderli ornaşdyrylmagy bol hasylyň ýygnalmagyna mümkinçilik berdi. Bu üstünlikler welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän müňlerçe adamlaryň yhlasynyň we tagallalarynyň netijesidir.
Ýylyň dowamynda bugdaýyň, pagta hasylynyň, gök-bakja önümleriniň bolçulygy üpjün edildi. Şeýle-de maldarçylykda öndürijilik ýokarlanyp, et-süýt önümleriniň möçberi artdy. Oba hojalykçylaryň häzirki zaman tehnikalaryndan, ylmy esasly önümçilik usullaryndan peýdalanmagy öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Munuň özi ilatyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Biz, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň wekilleri, lebaply oba hojalykçylaryň gazanan üstünliklerine buýsanjymyz çäksizdir. Halal zähmetiň miwesi hökmünde gazanylan bu netijeler täze zähmet möwsümine bolan ynamy has-da pugtalandyrýar. Öňde goýlan belent maksatlar oba hojalyk pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant boljakdygyna berk ynam döredýär.

Bagdan BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Çärjew etrap komitetiniň esasy hünärmeni.