Lebapda zähmeti goramaga bagyşlanan çäreler geçirilýär
«Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäreleriň çäklerinde
Lebap welaýatynyň edara-kärhanalarynda zähmetiň goralyşyny, tehniki we ekologiýa
howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişini gözden geçirmek işleri hem utgaşykly alnyp
barylýar. Bu ähmiýetli işleriň çäklerinde welaýatyň iri senagat kärhanalarynda, edara-
guramalarynda tehniki howpsuzlyk boýunça inženerleriň we degişli hünärmenleriň işlerini
talabalaýyk ýola goýuşlaryna seljerme berilýär.
Şeýle ähmiýetli çäreleriň dowamynda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalarda
her bir iş ornunda zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki,
sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş, öňüni alyş we dikeldiş işleriniň ýerine ýetirilişi öwrenilýär.
Önümçilikde dürli hadysalaryň öňüni almak boýunça gürrüňdeşlik geçirilýär, maslahatlar we
amaly kömekler berilýär, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi
gözden geçirilýär. Şeýle gözden geçirilişiň çäklerinde öndürijilikli zähmetde gujur-gaýratyny
gaýgyrmaýan öňdebaryjy işgärlerdir zähmet toparlary yglan edilýär we olar Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan höweslendirilýär.