Lebapda ýylyň iň gowy terbiýeçileri saýlanyldy
Türkmenabat şäherindäki 10-njy çagalar bakja-bagynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki çagalar bakja-baglarynda zähmet çekýän terbiýeçiler gatnaşdylar.
Terbiýeçiler bäsleşigiň şertine laýyklykda geçiren göreldeli sapaklarynyň ýazgysyny, görkezme esbaplaryny, gollanmalaryny, metbugatda edilen çykyşlarynyň nusgalaryny görkezdiler. Soňra terbiýeçiler eminleriň beren mowzugyna görä, 25 minutlyk sapak geçdiler.
Eminler topary terbiýeçileriň iş resminamalarynyň talabalaýyklygyna, olaryň sapagy guramaçylykly alyp baryşlaryna, mowzugyň kämil açylyp görkezilişine, görkezme esbaplaryna, usuly taýdan taýýarlygyna baha berdi.
Şunlukda 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Leýla Seýitkulyýewa bäsleşigiň şäher tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. 46-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Altyn Jumakowa ikinji, 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gulşan Öwezowa bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijisi onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.