BILIM

Lebapda ýylyň iň göreldeli terbiýeçisi yglan edildi

Türkmenabat şäheriniň 26-njy çagalar bakja-bagynda  Türkmenistanyň Bilim ministligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan  yglan edilen  “Ýylyň terbiýeçisi-2025” bäsleşiginiň  welaýat tapgyry   geçirildi. Oňa welaýatyň çagalar bakja-baglarynyň  etrap, şäher
tapgyrlarynda ýeňiji bolan  terbiýeçiler gatnaşdylar.
Iki günläp geçirilen bäsleşigiň dowamynda bäsleşigiň şertlerine görä terbiýeçileriň  sapakda ulanylýan görkezme esbablaryna, mowzugyň  mazmunyny açyp görkezilişine, häzirki zaman tehnologiýalardan oňat baş alyp çykaryp bilişine, döwrebap  usullardan, goşmaça maglumatlardan  ýerlikli peýdalanylyşyna, sözleýiş medeniýetine, körpeleriň işjeňligini  we özara gatnaşyklygyny guramaklygyna hem-de wagtdan ýerlikli peýdalanyşyna eminler agzalary baha berdiler.
Netijede, Kerki etrabynyň 24-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Şemşat Hojageldiýewa ýeňiji diýip yglan edildi. Köýtendag etrabynyň 19-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Çemen Tägiýewa ikinji, Halaç etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Maral Rejepowa  üçünji orna mynasyp
boldular.
  Bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi  döwlet tapgyryna gatnaşmaklyga hukuk gazandy.
  Bäsleşigiň ýeňijilerine  welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary  we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat  birleşmesiniň  adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.