YKDYSADYÝET

Lebapda ýylyň birinji çärýeginde 1,3 milliard kilowat sagat elektrik energiýasy öndürildi

Lebap welaýatynda elektrik energiýasynyň öndürilişi yzygiderli artdyrylýar. Şu ýylyň ilkinji üç aýynda elektrik energiýasynyň 1 milliard 349,5 million kilowat sagady öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Şeýle oňyn görkezijiler ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleri barha çuňlaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.