TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ýylyň adyna bagyşlanan maslahatlar geçirildi

15-nji ýanwarda Lebap welaýatynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we şanly ýylyň nyşanynyň many-
mazmunyny ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek boýunça geçirilýän
maslahatlara badalga berildi. Milli parlamentiň wekilleriniň, Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň, merkezi metbugat
neşirleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilýän maslahatlara şol gün Türkmenabat şäherinde we Dänew, Darganata etraplarynda badalga berildi.
Türkmenabat şäher häkimliginde, Dänew etrap medeniýet öýünde we Gazojak
şäher çagalar sungat mekdebinde geçirilen maslahatlarda 2025-nji ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylan geçen ýylyň many-mazmun we maksat babatynda dowamy bolup gidýändigi aýratyn nygtaldy. Çünki parahat durmuş we ynam arkaly berkarar ýaşaýyş akyldar şahyryň döredijiliginden hem erş-argaç bolup geçýär.
Maslahatlarda welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan ýaşuly nesliň wekilleri, ýerli halk maslahatlarynyň agzalary, döredijilik işgärleri hem-de ýaşlar çykyş etdiler.
Olar gündogar sebitiň ýaşaýjylarynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletli Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere belent yhlas bilen goşant goşmaga taýýardyklaryna ynandyrdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: