YKDYSADYÝET

Lebapda ýyllyk maýa goýumlaryň 70 göterimden gowragy täze önümçilik desgalaryny gurmaga we bar bolanlarynyň durkuny täzelemäge gönükdiriler

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl Lebap welaýaty boýunça göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlaryň umumy möçberi 4 milliard 562 million manada barabar bolar. Bu görkeziji Türkmenistan boýunça jemi maýa goýumlaryň möçberinde welaýatyň paýynyň 11,1 göterime deň boljakdygyny aňladýar.
Maksatnama laýyklykda, meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň 72 göterimi täze önümçilik desgalarynyň gurluşygyna we bar bolan desgalaryň durkuny täzelemäge gönükdiriler. Bu serişdeler welaýatda senagat pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, täze önümçilikleri döretmäge we ykdysady ösüşi depginlendirmäge mümkinçilik berer.