YKDYSADYÝET

Lebapda ýüpek matalaryň önümçiligi artýar

Şu ýylyň başyndan bäri Lebap welaýatynda dokma kärhanalarynda ýüpek matalaryň jemi 76,3 müň inedördül metri dokaldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 50,1 müň inedördül metrden hem köp boldy. Şol möhletde 25,2 müň inedördül metr ýüpek mata öndürilip, ösüş depgini 50 göterimden hem ýokary boldy.
Welaýatda öndürilýän dürli görnüşli ýüpek matalar içerki bazarda hem, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda hem uly islege eýedir. Ýüpek matalaryň önümçiliginiň artmagy dokma senagatynyň welaýatdaky ösüşini görkezýär.