Şu ýylyň 10 aýynda Lebap welaýatynda iň ýokary önümçilik görkezijisine ýüpek matalary dokaýjylar eýe boldular. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, olaryň artyş depgini 73 göterime golaýlady.
Has takygy, welaýatda şu ýyl ýüpek matalaryň 220 müň inedördül metrden gowragy dokaldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 92,8 müň inedördül metr kändir. Geçen ýyl sebitde dokalan ýüpek matalaryň möçberi 127 müň inedördül metrden geçýärdi.
Lebapda ýüpek mata dokamak boýunça 73 göterime golaý ösüş gazanyldy
11
Nov
