Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen iş maslahatynda Lebap welaýatynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda bugdaý meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar, şeýle hem gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem döwlet Baştutanynyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, welaýatda ýüpek gurçugyny idetmek möwsümine taýýarlyk işleri tamamlandy. Kärendeçiler bilen degişli şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlary doly taýýarlanyldy we häzirki wagtda gurçuk tohumyny paýlamak işleri alnyp barylýar.
Lebapda ýüpek gurçugyny idetmek möwsümine girişilýär
31
Mar

