YKDYSADYÝET

Lebapda ýüpek gurçugyny idetmek möwsümine badalga berildi

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri aprel aýynyň başyndan ýüpek gurçuklaryny idetmäge girişdiler. Bu ýyl hem Watanymyzyň kümüşsöw çäjine gymmatly çig malyň 1010 tonnasyny tabşyrmak meýilleşdirildi.
Welaýatda kärendeçileriň 21 müňden gowragy ýüpekçilik bilen meşgullanýar. Zähmet adamlarynyň döwrebap şertlerde ýokary hilli we öndürijilikli işlemek başarnyklary, tejribeleri baýlaşýar, üstesine, ýüpek gurçuklarynyň iýmit gorunyň ýeterli bolmagy daýhanlaryň bu önümi öndürmäge bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny üpjün edýär.
Ýüpek gurçuklarynyň biziň howa şertlerimize laýyk gelýän, ýokary hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan görnüşleri bilen birlikde «Lebap — 1», «Lebap — 2», «Dostluk — 1», «Dostluk — 2», «Türkmen», «Ak pile» ýaly tohumlaryndan hem şu möwsümde bol hasyla garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: