Lebapda ýüpek gurçugy idedilip başlandy
Lebap welaýatynyň Köýtendag, Hojambaz, Kerki, Halaç etraplarynda tut agajynyň ir ýapraklaýandygy üçin bu etraplaryň ýüpekçileri ýüpek gurçugyny idetmek işine hemmelerden ir girişdiler.
Ýüpek gurçugynyň tohumyny janlandyrýan inkubatorlar her gün öňünden gerekli möçberdäki gurçugy ýüpekçilere tabşyrýarlar. Ýüpekçiler bolsa öňünden taýýar edilip, ýörite dermanlanan arassa jaýlarda ýaňy janlanan gurçuklary ownuk kesilen ýapraklar bilen iýmitlendirip başlaýarlar.
Şu ýyl welaýat boýunça 24 müňden gowrak ýüpekçi bilen şertnama baglaşylyp, 1010 tonnadan gowrak ýokary hilli pile öndürmek göz öňünde tutulýar. Şeýle belent sepgidi eýelemäge doly mümkinçilik bar.