Welaýatda ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi başlandy. Halaç, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda pileçileriň ýüpek gurçuklaryny idetmäge girişendigi habar berilýär. Şu ýyl welaýat boýunça ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň 27 müň 656 gutusyny paýlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ähli etraplarda bu işe guramaçylykly girişilip, şertnama baglaşan ýüpekçi hojalyklaryň sany 1 müň 300-den geçdi.
Şeýle hem welaýatyň demirgazyk etraplarynda pile öndürmek möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar we ýakyn günlerde bu ýerlerde hem ýüpek gurçuklaryny idetmäge girişilmegine garaşylýar. Görülýän çäreler lebaply pileçileriň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Watanyň pile harmanyna 1 müň 10 tonna ýokary hilli pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegine gönükdirilendir.
Lebapda ýüpek gurçugy idedilip başlandy
06
Apr

