Lebap welaýatynda üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda ýükleriň 61 million 429 müň tonnadan gowragy daşaldy, ýolagçylaryň bolsa 95 milion 773 müňüsi gatnadyldy.
Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli artykdyr.
Bu möhüm işe “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň welaýatdaky kärhanalarynyň sürüjileri netijeli gatnaşýarlar.
Olaryň yhlasly zähmet çekmekleri netijesinde şu ýylyň tamamlanan döwründe ýük we ýolagçy dolanyşygy geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä, degişlilikde, 4,5 göterim hem-de 12,5 göterim artdy.