Lebapda yssy günler dowam eder
Şu hepdäniň dowamynda Lebap welaýatynda howanyň ýene-de +43 gradusa çenli gyzmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Hepdäniň dowamynda welaýatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +20… +25 gradusdan +24… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32… +37 gradusdan +38… +43 gradus aralygynda yssy bolar.