Lebap welaýat häkimliginde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Çärä sebitiň hormatly ýaşululary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda bu halkara ähmiýetli taslamanyň Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap dikeldilmegindäki orny we sebitiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky ähmiýeti barada çykyşlar edildi.
Gatnaşyjylar täze awtomobil ýolunyň halkara ulag geçelgeleriniň işini döwrebaplaşdyrmaga we ýolagçy hem-de söwda dolanyşygynyň ygtybarlylygyny üpjün etmäge itergi berjekdigini nygtadylar. Maslahatyň dowamynda döwlet tarapyndan ýerlerde döwrebap düzüm desgalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna berilýän üns bellenilip geçildi. Çäräniň ahyrynda döwlet Baştutanynyň adyna Ýüzlenme kabul edildi we welaýatyň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryna orun berildi.
Lebapda ýol gurluşygynyň üstünliklerine bagyşlanan maslahat geçirildi
14
Apr

