Lebap welaýatynyň zähmetsöýer gallaçy-kärendeçileriniň tutanýerli zähmeti, şeýle hem sebitde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde meýilleşdirilen 130 müň gektar ýerde ak bugdaýyň bol hasyly kemala getirildi.
Häzirki wagtda ýetişdirilen möhüm azyklyk önümini gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, baş wezipe bolup durýar. Şu maksat bilen welaýatyň oba hojalykçylary bugdaý oragy möwsümine hem ykjam taýýarlykly geldiler. Häzirki wagtda welaýatda bar bolan 35 sany galla kabul ediş nokatlarynyň ählisi hem galla hasylyny bökdençsiz kabul etmeklige we saklamaklyga doly taýýar edildi.
Lebapda ýetişdirilen bugdaý harmanlaryň 35-sinde kabul ediler

31
May