YKDYSADYÝET

Lebapda ýeralma öndürilişi 136,8 müň tonna ýetdi

Lebap welaýatynda azyk önümleriniň öndürilişi boýunça durnukly ösüş dowam edýär. Lebap welaýatynyň statistika müdirliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýeralma öndürilişi 136,8 müň tonna boldy.
Geçen ýyl, ýagny 2024-nji ýylda bu görkeziji 135,7 müň tonna bolup, häzirki ýylda 0,8 göterim ösüş gazanyldy. Bu ýagdaý ekin meýdanlarynyň netijeliliginiň ýokarlanýandygyny görkezýär.