TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ýene ýagşyň ýagmagyna garaşylýar

Lebap welaýatynda hepdäniň dowamynda ýene ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň howa maglumaty boýunça sebitde üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ygalyň düşmegi çaklanylýar.
Berlen maglumata görä, welaýatda şemal günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedip, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 13 — 18 metre çenli güýçlener. Howanyň temperaturasy gijelerine +6…+11 gradusdan +12…+17 gradusa çenli, gündizlerine bolsa +15…+20 gradusdan +27…+32 gradusa çenli maýyl bolar.
Gidrometeorologiýa gullugynyň çaklamasyna görä, hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1 — 15,0 millimetr aralygynda bolar. Bu bolsa Lebapda hem ýazky howanyň üýtgäp durjakdygyny, ýagny maýyl günleriň ýagyşly pursatlar bilen utgaşjakdygyny görkezýär.