TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ýene howanyň derejesi ýokarlanar

Şu hepde Lebap welaýatynda howanyň derejesiniň ýene-de +34 gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetihabar berýär.
Neşiriň ýazmagyna görä, hepdäniň dowamynda gündogar sebitde az-kem bulutly howa bolar. Hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagşyň ýagmagyna-da garaşylýar.
Täze hepdede şemalyň tizligi 8 ― 13 metrden 11 ― 16 metre çenli ýeter. Howa gijelerine +7… +12 gradusdan +10… +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22… +27 gradusdan +29… +34 gradus aralygynda maýyl bolar.