TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ýene gar gatyşykly ýagyş ýagar

Şu hepdäniň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji
ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-
günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5… -10 gradus sowukdan -1… +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3… +2 gradusdan +8… +13 gradus aralygynda maýyl bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: