TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ýene gar gatyşykly ýagyş ýagar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, şu hepdäniň dowamynda Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, sebitde gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Hepde boýunça gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän şemalyň tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre çenli güýçlener.
Howanyň temperaturasy gijelerine -1… -6 gradus sowukdan 0… +5 gradus aralygynda maýyl bolar. Gündizlerine bolsa howanyň gyzgynlygy -1… +4 gradusdan +5… +10 gradus aralygynda üýtgäp durar. Ýagyşly we şemally howa şertleri sebäpli, welaýatyň ýaşaýjylaryna seresaply bolmak maslahat berilýär.