YKDYSADYÝET

Lebapda ýene bir täze gaz guýusy bol önüm berdi

«Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri tarapyndan ýylyň başynda Täçmyradow, Çartak meýdançalarynda burawlanylan guýulardan tebigy gazyň senagat akymy alnypdy.
Golaýda sanawyň üsti ýene bir şatlykly waka bilen ýetirildi. Ekspedisiýanyň Aganyýaz Akyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar toparynyň Demirgazyk Gazlydepe meýdançasynda burawlan guýusy bol önüm berdi.
Hünärmenler bu guýynyň önüm berijiliginiň bir gije-gündizde 400 müň kub metrden hem gowrakdygyny kanagatlanma bilen belleýärler. Mundan başga-da bu barlag guýusyndan gaz kondensatynyň hem uly möçberleri alynýar.