MEDENIÝET

Lebapda ýene bir döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň
Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de üstümizdäki
ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy
mynasybetli döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.
Döredijilik bäsleşigi makalalar, hekaýalar, goşgular žanrlary boýunça geçirilip,
oňa ýurdumyzyň geçen ýyllaryň içinde gazanan durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrunda alyp barýan çuňňur parasatly syýasatyny, baky bagtyýarlygyň, döwlet berkararlygynyň binýadyny emele getirýän türkmen Bitaraplygynyň diňe bir halkymyzyň däl-de, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň gymmatydygyny açyp görkezýän eserler gatnaşdyrylar.
Döredijilik bäsleşigine eserler 2025-nji ýylyň 10-njy dekabryna çenli kabul ediler
we olaryň gowulary welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde çap ediler. Bäsleşigiň jemi Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda jemlenilip, onuň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän işler aşakdaky salga ýa-da gazetiň elektron
poçtasyna (turkmengundogary-gazeti@sanly.tm) ugradylmalydyr:
Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 42-nji jaýy, welaýat «Türkmen
gündogary» gazetiniň redaksiýasy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we
ynanyşmagyň Watany!» atly döredijilik bäsleşigine.