TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ýazlyk ekinlere ideg işleri dowam edýär

Lebap welaýatynda ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Bu işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
4-nji maýda geçirilen sanly iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýazlyk ekinlere talabalaýyk ideg edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.