TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ýazlyk ekinlere ideg işleri alnyp barylýar

Lebap welaýatynda ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär. Welaýatda oba hojalyk möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan bu işler azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda bellenilişi ýaly, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň kadaly ösmegi üçin zerur agrotehniki çäreler alnyp barylýar. Bu işler ilatyň ter gök-bakja önümleri bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini nygtap, bu ugurdaky işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagyny tabşyrdy.