SPORT WE SYÝAHAT

Lebapda ýazky möwsümiň nobatdaky at çapyşyklary geçirildi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda geçirilen dabaralar at çapyşyklary bilen utgaşdy. Ýokary ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda sungat ussatlarynyň çykyşlary, şeýle hem dürli aralyklara geçirilen at çapyşyklary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşiklerde 1400, 1800 we 2000 metr aralyklara çapyşyklar geçirildi. Netijede, dürli ýaş toparlaryna degişli bedewler we olaryň çapyksuwarlary ýokary ussatlyk görkezdiler. Ýeňiji bolan bedewleriň seýislerine, çapyksuwarlaryna hem-de olaryň eýelerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.