Lebapda ýazky ekişe netijeli taýýarlyk görülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuahmedowyň duşenbe güni geçiren iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentiň ýurduň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar.
Bugdaý ekilen meýdanlarda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatda ýazky bag ekiş möwsüminde ekiljek nahallaryň ýeterlik möçberi taýýar edilip, häzirki wagtda olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly, öz wagtynda geçirmek üçin toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutany ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.