TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri güýçlendirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada maglumat berdi. Şeýle hem ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň geljekki hasylyň binýadydygyny belläp, ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.