TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ýazky bag ekişlik çäresiniň geçiriljek ýeri belli boldy

22-nji martda tutuş ýurt boýunça bag ekmegiň nobatdaky tapgyryna badalga berilýär. Şol
gün Lebap welaýatynda hem bag ekmek, öňden bar bolanlaryna ideg etmek bilen
baglanyşykly ählihalk çäreleriniň geçiriljekdigini welaýatyň baş bagbany Atamyrat Öwezow
welaýat neşiriniň habarçysyna habar berdi. Bu çäre hakyky baýramçylyk ruhunda guralýar.
Şu ýyl hem ildeşlerimiz saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň millionlarça düýp nahalyny
ekmegi meýilleşdirýärler. Bag ekişlige welaýat köpugurly söwda bazarynyň alkymynda
ýerleşýän 10 gektarlyk meýdanda başlangyç berler. Bu ýerde şol gün dürli agaçlaryň 4 müň
düýbüni ekmek meýilleşdirildi