SPORT WE SYÝAHAT

Lebapda ýazky at çapyşyk möwsüminiň ýene bir güni gyzykly çapyşyklara beslendi

Ýekşenbe güni Lebap welaýat atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu gezekki ýaryşlarda dört we uly ýaşar bedewleriň gatnaşmagynda jemi bäş çapyşyk guraldy. Möwsümiň nobatdaky güni tomaşaçylara gyzykly pursatlary, çekeleşikli bäsleşikleri we türkmen bedewleriniň ýyndamlygyny ýene bir gezek görkezdi.
1200 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Myrat Şeripowyň seýislän welaýat athanasynyň Pereňýel atly dor aty tapawutlandy. Myrat Orunowyň çapyksuwarlyk eden bu bedewi bellenilen aralygy 1 minut 27,50 sekuntda geçip, pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Şol aralykda geçirilen ikinji çapyşykda Şanur Atajanowyň hojalygyna degişli Köpel atly dor bedew 1 minut 22,1 sekunt netije bilen ýeňiji boldy. Muhiddin Kulyýewiň çapyksuwarlyk eden bu bedewini Asrar Ergeşow seýisledi. Üçünji çapyşykda bolsa Çärjew etrap häkimliginiň Armangala atly dor bedewi 1200 metr aralygy 1 minut 25,31 sekuntda geçip, üstün çykdy. Bu bedewi Rozumbaý Aýdogdyýew seýisledi, oňa Mustafa Töräýew çapyksuwarlyk etdi.
1400 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda Narkuly Pirnazarowyň hojalygyna degişli Gerçek atly bedew ýeňiji boldy. Sanjar Bahtyýarowyň çapyksuwarlyk eden Gerçegi bellenilen menzili 1 minut 43,97 sekuntda geçdi. Bedewiň seýsi Narkuly Pirnazarowdyr. Jemleýji bäşinji çapyşykda bolsa welaýat polisiýa müdirliginiň Parasat atly dor bedewi üstünlik gazandy. Sanjar Bagtyýarowyň çapyksuwarlyk eden bu bedewi 1400 metr aralygy 1 minut 36,39 sekuntda geçip, ýeňiji diýlip yglan edildi. Parasatyň seýsi Agamyrat Çaryýewdir. Çapyşyklaryň ählisinde ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara hem-de seýislere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.