Geçen ýekşenbe güni Lebap welaýat atçylyk-sport toplumynda ýazky möwsümiň jemleýji at çapyşyklary geçirildi. Tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen garşy alnan bäsleşiklerde jemi bäş çapyşyk guralyp, olaryň ählisine dört we uly ýaşar bedewler gatnaşdy. 1200 metr aralykda geçirilen birinji çapyşykda Agasapar Baýramowyň seýislän, Toýly Allakowyň hojalygyna degişli Bereketli atly dor bedew Daýanç Abdyrahmanowyň çapyksuwarlyk etmeginde 1 minut 24,1 sekunt netije bilen pellehanadan ilkinji bolup geçdi.
Şol aralykda geçirilen ikinji çapyşykda Batyr Haýytbaýewiň hojalygyna degişli Akmaňlaý atly dor at ýeňiş gazandy. Ömruzak Hemraýewiň seýislän bu bedewi Sanjar Bahtyýarowyň çapyksuwarlyk etmeginde 1200 metr aralygy 1 minut 27,6 sekuntda geçdi. Üçünji çapyşykda bolsa has ýokary netije görkezildi. Welaýat gümrükhanasyna degişli Aýnäzik atly dor gysrak 1 minut 20 sekunt wagt bilen ýeňiji boldy. Daýanç Abdyrahmanowyň çapyksuwarlyk eden bu gysragyny Asrar Ergeşow seýisledi.
Çapyşyklaryň dördünji we bäşinji tapgyrlary 1400 metr aralykda geçirildi. Dördünji çapyşykda welaýat häkimligine degişli Gojadag atly dor at Rozymbaý Aýdogdyýewiň çapyksuwarlyk etmeginde 1 minut 40,4 sekunt netije bilen ýeňiji boldy. Bu bedewi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Aýdogdy Rowşanow seýisledi. Jemleýji çapyşykda bolsa welaýat Polisiýa müdirligine degişli Parasat atly dor bedew Sanjar Bahtyýarowyň çapyksuwarlyk etmeginde 1 minut 37,8 sekunt wagt görkezip, pellehanadan öňde geçdi. Bedewiň seýsi Agamyrat Çaryýewdir.
Ýazky möwsümiň jemleýji çapyşyklarynyň Türkmen halysynyň baýramy bilen utgaşmagy dabaranyň milli öwüşginini has-da artdyrdy. Ýeňiji bedewlere haly serpaýlarynyň ýapylmagy türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan bedewşynaslyk däpleri bilen halyçylyk sungatynyň ajaýyp sazlaşygyny aýdyň görkezdi.
Lebapda ýazky at çapyşyk möwsümi tamamlandy
02
Jun

