TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ýaşaýyş jaýlary meýilleşdirileninden iki esse köp guruldy

Geçen ýyl Lebap welaýatynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça döwletiň düýpli maýa goýumlarynyň 102,8 million manadyny özleşdirmek bellenilipdi. Hakyky iş ýüzünde özleşdirilen serişdeler 203,6 million manada barabar boldy. Bu bolsa ýyllyk meýilnamanyň iki essä golaý ýerine ýetirilendiginden habar berýär.
Tamamlanan ýylda orta mekdepleriň gurluşygynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 69 million manada barabar bolup, ýyllyk tabşyryk 2,1 esse berjaý edildi. Hassahanalaryň, lagym geçirijileriň, gazlaşdyryş desgalarynyň we gaz geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyklarynda düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilişi has artdy. Şonuň netijesinde welaýatymyzyň dürli sebitlerinde ilatyň ýaşaýşynyň täze hil derejesini gazanmaga hyzmat edýän döwrebap desgalar peýda boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: