JEMGYÝET

Lebapda ýaşaýjylara raýat goranyşy we halas ediş işleri barada düşünje berilýär

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat raýat goranyşy we halas ediş
işleri müdirliginde eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edaralaryň hem-de raýat
goranyşynyň birikmeleriniň ýolbaşçylary hem-de raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar baradaky bölümleriniň işgärleri bilen raýat goranyşyna taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň okuw maksatnamasy esasynda okuwlar geçirilýär.
Okuwlarda diňleýjilere raýat goranyşynyň häzirki döwürdäki işiniň ähmiýeti we
öňde durýan wezipeler, Türkmenistanyň raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar çygryndaky kanunçylyk namalary, döremegi mümkin bolan tebigy
hem-de tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda ýolbaşçylaryň we degişli hünärmenleriň borçlary barada giňden düşünje berilýär.
Ondan başga-da, müdirligimiziň hünärmenleri tarapyndan welaýatyň mekdebe
çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerinde dürli görnüşli adatdan daşary
ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Olaryň çäginde çärelere gatnaşyjylara dürli hadysalarda öz howpsuzlygyňy üpjün etmek we ýakynlaryňa ýardam bermek barada giňişleýin düşündirilýär.