Lebapda ýaşaýjylar jemagat hyzmatlary bilen doly üpjün edilýär
Lebap welaýatynyň häkimi Maksat Annanepesow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň duşenbe güni geçiren iş maslahatynda häzirki günlerde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we jemgyýetçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabaty diňlän döwlet Baştutany häkime möhüm tabşyryklaryň birnäçesini berdi.