Lebapda ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi
Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň guramagynda Türkmenabat
şäherindäki 14-nji sport mekdebinde welaýatymyzyň orta mekdepleriniň ýaş ýangyn söndüriji
toparlarynyň arasynda ýangyn amaly sport bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa deslapky
tapgyrlarda ýeňiji bolan toparlaryň agzalary gatnaşdylar.
Bäsleşik welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň şahsy düzüminiň we bäsleşige gatnaşýan toparlaryň dabaraly ýörişi bilen başlandy. Soňra bäsleşige gatnaşyjy toparlaryň agzalary ýangyn söndüriji enjamlary ulanmak arkaly 100 metr päsgelçilikli aralygy geçmek, şeýle-de estafeta ylgawy — ýangyn söndüriji enjamlary ýüzugruna ulanyp, 400 metr päsgelçilikli aralyga ylgamak boýunça bäsleşdiler.
Gyzykly geçen bäsleşikde Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň topary birinji, Saýat etrabyndaky 39-njy orta mekdebiň topary ikinji, Kerki etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden toparlara biziň bölümimiziň diplomlary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanylan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaryşda ýeňiji bolan toparyň agzalary bäsleşigiň 17 — 19-njy aprelde Mary welaýatynda geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hem hukuk gazandylar.