SPORT WE SYÝAHAT

Lebapda ýaş şaşkaçylaryň açyk birinjiligi geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde 64 öýjükli şaşka boýunça 10 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa öňki tapgyrlarda ýokary netijeleri görkezen onlarça ýaş türgen gatnaşyp, baýrakly orunlar ugrunda güýç synanyşdy. Dartgynly geçen duşuşyklar dowamynda garaşylmadyk netijeler hem ýüze çykdy.


Ýaryşyň jemleri boýunça oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň türgeni Rahman Karýagdyýew birinji orny eýeläp, Nowruz Şapuladow (2-nji sport mekdebi) ikinji, Azimjan Kurbanow bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda Dänew etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň türgeni Albina Ismailowa ýeňiji boldy. Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň türgenleri Oguljan Azatgeldiýewa ikinji, Selbi Arslanowa üçünji orunlary eýelediler. Şeýle hem ýeňijileriň üstünlik gazanmagynda tälimçiler Mahym Mätiýewa bilen Kurban Jumaýewiň goşandynyň uludygy bellenildi.


Ýaryşa gatnaşyjylara guramaçylar tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem bu sport çäresiniň ýokary derejede geçirilmegine Türkmenabat şäherinden telekeçi Farhat Arslanowyň hemaýatkärlik goldawynyň berilendigi aýratyn bellenildi.