TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ýaş mallara ideg işleri dowam edýär

Lebap welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi üstünlikli geçirildi. Häzirki wagtda ýaş mallara degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda bellenilişi ýaly, welaýatda maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak we olardan alynýan önümleriň möçberini köpeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýaş mallara talabalaýyk ideg etmek geljekki önümçiligiň berk binýadyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekip, maldarçylyk möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.