SPORT WE SYÝAHAT

Lebapda ýaş futbol eminleri saýlanyp alyndy

Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebinde ýaş eminleri seçip-saýlap almak bilen bagly okuw-maslahaty geçirildi.
Jemlenip barýan ýylyň soňky günlerinde geçirilýän okuw-maslahatlarynyň Ahal
hem-de Mary welaýatlarynda guralandygyny bellemek gerek. Bu ugurdaky işler
paýtagtymyz bilen Balkan welaýatynda hem dowam etdiriler.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölümi bilen Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen okuw-maslahatynyň esasy maksady Lebap welaýatynyň çägindäki sport mekdeplerde zähmet çekýän ýaş tälimçileri, sport mekdepleriniň uly ýaş toparlaryndaky eminlige höwesi bolan ýaşlary bu ugra gönükdirmekden ybarat boldy. 
TFF-niň Eminler bölüminiň başlygy, KAFA-nyň gözükdirijisi Çarymyrat Gurbanowyň alyp barmagynda geçirilen okuw-maslahatyň dowamynda eminlige höwesi bolan ýaşlara bu ugurda netijeli iş alyp barmak bilen bagly giňişleýin düşündiriş işleri geçirildi. Şeýle-de, gatnaşyjylara özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna giňişleýin düşündiriş almaga mümkinçilik döredildi. 
Ýaş futbol hünärmenleridir tejribeli eminleriň 20 töwereginiň gatnaşmagynda
geçirilen okuw-maslahatynyň netijesinde, 2025-nji ýylda ýaş eminleri TFF-niň
guraýan dürli ýaryşlarynda, has tapawutlananlary bolsa ýurdumyzyň Ýokary
ligasynyň, Kubok bäsleşikleriniň duşuşyklarynda eminlige saýlanmaga mümkinçilik alarlar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: