TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ýakyn geljekde açyljak binalarda depginli işler dowam edýär

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: