TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli täze binalar açylyp, ulanylmaga berildi

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, üstümizdäki ýylda-da ýurdumyzyň gündogar sebitinde ilkinji açylyş dabaralaryndan Watan goragçylary ― harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri paýly boldular. Olar özleriniň şanyna tutulýan toýuň öňüsyrasynda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň ikisini we Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölümleriniň biriniň täze binalar toplumyny sowgat aldylar.
Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Jeýhun ýakasyndaky welaýatda hem soňky ýyllarda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Düýn Köýtendag we Çärjew etrap polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçeleriniň ýanynda hem şeýle maksatly binalaryň açylyş dabaralary boldy. Bu binalaryň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gurluşyk birleşiginiň buýurmasy «Haýyrly ädim» hususy kärhanasynyň we Zerger «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy.
Şeýle hem düýn Kerki etrabynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň durky düýpli täzelenen edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Täze bina häzirki döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilip, gullugyň işgärleriniň ýokary derejede iş alyp barmaklary üçin ähli şertler dörediipdir. Hususan-da, bu ýerde elektron maglumatlaryny almak we olary resmileşdirmek sanly ulgamyň üsti bilen amala aşyrylar, şeýle hem internet ulgamynda bölümiň ýörite internet sahypasy hereket eder. Binada raýatlara migrasiýa hyzmatyny etmek boýunça hem ähli amatly şertleriň döredilendigini belläp geçmek bolar.
Täze binalaryň açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýaşuly nesliň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, içeri işler edaralarynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda edilen buýsançly çykyşlarda bu gullugyň işgärlerine halkymyzyň asudalygyny, bagtyýar durmuşyny goramaklyga döredip berýän giň şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy. Bu ýerlerde joşgunly aýdym-sazlara hem giň gerim berilmegi, ýokary ruhubelentlige beslenip geçen dabaralary ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi. Soňra dabaralara gatnaşyjylar täze binalaryňyň iş şertleri bilen tanyşdylar. Ulanylmaga berlen täze binalarda dünýäniň iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylyp, olarda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklamaklyga we barlag işlerini we migrasiýa bilen bagly işleri gysga wagtyň içinde geçirmeklige zerur mümkinçilikler döredilipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: