Lebapda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär
Lebap welaýatynda şu günler süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşmek boýunça yglan edilen biraýlygyň dowamynda welaýat onkologiýa hassahanasynyň guramagynda edara-kärhanalarda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň öňüni almak, keselleri ir ýüze çykarmak, anyklamak, netijeli bejergini üpjün etmek maksady bilen geçirilýän çärelerde welaýatyň onkolog, rentgenolog, mammolog lukmanlary degerli maslahatlary bilen çykyş edýärler.
Bulardan başga-da, çärelere Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri hem gatnaşyp, özleriniň tejribesini paýlaşýarlar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi keselleriň öňüni almakda örän ähmiýetlidir.